Reset Password

click to enable zoom
Loading Maps
We didn't find any results
open map
Make a Reservation
Advanced Search
Your search results
07.01.2019

Maltada dikuçary kireýine almak (bronlamak)

Sizi Maltada dikuçary kireýine almak gyzyklandyrýan bolsa, kompaniýamyzyň web sahypasynda islegiňizi beýan ediň, we islendik görnüşde we ugurda biz size gatnawy gurnap berýäris. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy Maltada eýýam 2007 – nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Bu iş döwründe biz, müşderileriň bähbidine çalyşýan, daşaýjylaryň arzanladyşlaryny we bonusyny gazanýan  “ynamdar araçy kompaniýa” adyna mynasyp bolduk.

Maltada dikuçarlara bolan isleg örän ýokary. Biz, Sent-Julians, Slima, Bujibba we Aura ýaly ýurduň iň gowy saglygy dikeldiş ýerlerine, şeýle-de hem Komino adasyna gatnawlary amala aşyrýarys. Mundan başga – da Waletta Mdina, Birkirkara, Mosta ýaly uly şäherlerinden dürli maksatly uçuşlary meşhurlykdan peýdalanýar.

Maltada köp adamlarda kiçi we uly gämileri bar. Bu ýerde dikuçary gäminiň bortyna gonmagy bilen sargyt etmek meşhurlykdan peýdalanýar. Eger gäminiň ýörite oňaýly meýdany bar bolsa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň bular ýaly gatnawlary gurnamaga hem mümkinçiligi bar. Kompaniýamyz ýolagçylary, ýükleri, iýmiti we başga – da kruiz üçin gerekli bolan zatlary daşamaga taýýar.

Dikuçaryň özüňize gerekli bolan kysymyny saýlaň

Maltada dikuçary kireýine almak hyzmaty hukuk şahslaryna bolşy ýaly fiziki şahslaryna hem elýeter bolup durýar. Web sahypasynda islendik şahs öz islegini beýan edip biler. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri gatnawyň bahasyny hasaplap, dürli nyrhlary bolan gatnawlary hem hödürleýär.

Syýahatçylaryň arasynda howada gezelenç etmek uly meşhurlykdan peýdalanýar. Kaşaň saglygy dikeldiş ýerleri, taryhy ýadygärlikleri, döwrebap owadan binalaryny we täsin deňiz görnüşi bolan ýerlerini dikuçaryň bortundan synlamak has oňaýly bolýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna howa gämisini sargyt edenlerinde müşderilerimiziň özleri gatnawyň ugryny we wagtyny belleýärler. Biz hem siziň islegleriňize laýyklykda gatnawyň şahsy meýilnamasyny düzýäris.

Dikuçary sargyt edeniňizde soraglar ýüze çykan ýagdaýynda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň gije – gündiz aragatnaşykda bolan hyzmatlar gullugymyza ýüz tutup bilersiňiz: biziň hünärmenlerimiz hemişe siziň hyzmatyňyza taýýar.

Category: Услуги

Leave a Reply

Your email address will not be published.