Reset Password

click to enable zoom
Loading Maps
We didn't find any results
open map
Make a Reservation
Advanced Search
Your search results
08.01.2019

Polşada dikuçary sargyt etmegiň düzgünleri

Polşada dikuçary sargyt etmek üçin isleg bildirseňiz Ýewropanyň AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň bron etmek hyzmaty size sanagly pursatda gerekli kysymyny tapmak we ony zerur bolan ugurda bron etmek üçin ýardam edýär. Biz ýurduň içinde bolşy ýaly onuň çäginden daşyna hem howa gämileri bilen üpjün edýäris. Warşawa, Krakow, Poznan, Wroslaw, Gdansk, Şesin, Lozd ýaly uly şäherlerine, şeýle – de hem gonmaga oňaýly meýdançasy bolan kiçi şäherçelerine hem gatnawlary amala aşyrylýar. Isleg bildirilen ýagadaýynda aňsatlyk bilen beýleki ýewropa ýurdunuň çägine uçmak hem mümkin.

öz ugruňyzy kesgitläň we biziň web sahypamyzda dikuçar bron ediň. Bu hyzmat tölegsiz ýerine ýetirilýär we siz islendik wagty tölegi amala aşyrylmazyndan öň sargydy ýatyryp bilersiňiz. Eger siz, zerur bolan maglumatlary ýetirseňiz, siziň bilen AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri habarlaşyp, gatnaw barada anyklap, syýahatyň soraglaryny jikme-jik düşündirýär.

 

Gatnawyň bahasyny anyklamagyň düzgünleri

Gatnawyň bahasy indiwidual hasaplanylýar we ol:

  • uçuşyň uzaklygyna,
  • howa gämisiniň rahatlyk derejesine,
  • dikuçaryň kysymyna we kuwwatlylygyna,
  • goşmaça hyzmatlaryň möçberine

bagly bolup durýar.

Has belli ugurlar boýunça bahalaryny, hyzmatlar ulgamy awtomatlaşdyrylan ýagdaýynda, dürli kysymlary üçin nyrhyny görkezýär. Ýa – da AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri size hat ugradýar.

Iliknji nobatda kompaniýamyz uçuşyň howpsuzlygyna uly üns berýär. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň bazasynda:

  • Robinson,
  • Airbus Eurocopter,
  • Мi,
  • Вell,
  • Sikorsky

ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dikuçarlary bar.

Howa parklary döwrebap kysymlary bilen yzygider täzelenip durýar. Müşderi öz isleglerine laýyk gelýän kysymyny saýlamak mümkinçiligine eýe bolýar. Bizde dikuçarlaryň tygşytly görnüşlerinden ajaýyp kuwwatly VIP görnüşlerine çenli bar.

Polşada dikuçary kireýine almak müşderi üçin amatly bolan şertlerinde amala aşyrylýar, sebäbi AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň bahalary beýleki araçy kompaniýalarynyňka garanyňda ortaça 30 % arzan bolup durýar. Biz müşderilerimize wertodromlaryň bahasyny teklip edýäris we ähli hyzmatlarymyzy tölegsiz ýagdaýda alyp barýarys.

Polşada dikuçary bron etmek boýunça soraglaryňyz ýüze çyksa, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogäpkär işgärine islendik wagty gyzyklandyrýan soragyňyz boýunça web sahypamyzda ýüz tutup bilersiňiz. Dikuçary kireýine almak – owadan hem – de ajaýyp adaty bolmadyk çözgüt bolup durýar!

Category: Услуги

Leave a Reply

Your email address will not be published.