Reset Password

click to enable zoom
Loading Maps
We didn't find any results
open map
Make a Reservation
Advanced Search
Your search results

Cofrance SARL (AVIAV TM) kompaniýasy barada

Cofrance SARL (AVIAV TM) – awiasiýa broker kompaniýasy bolup, ol 10 ýyl mundan ozal Nisse şäherinde esaslandyryldy. Häzirki gün fransuz kompaniýasy dünýäniň 117 döwletinde öz işlerini alyp barýar.

Biziň alyp barýan işlerimiz: işewürlik, lukmançylyk we ýük awiasiýasy. Biz aşakdaky hyzmatlary hödürleýäris:

  • Uçarlary we dikuçarlary kireýine almak,
  • Howa gämilerini satmak, sazlamak we gurmak,
  • Satuw menejmenti (uçarlary we dikuçarlary üpjün etmek we ideg etmek),
  • Kosmos we awiasiýa taýdan ätiýaçlandyrmak,
  • Ýuridiki goldaw (howa menzilleriniň we kompaniýalaryň gatnaşmagyndaky uly jedelleri çözmek),
  • Awiasiýa bilermenleriniň konsalting (maslahat beriş) hyzmatlary.

Cofrance SARL (AVIAV TM) bäş materikde hem iş alyp barýar. Kompaniýa iň öňdebaryjylaryň hatarynda bolmak bilen, ol ýüz müňden gowrak howa gämilerine eýe bolan tanymal korporasiýalar, howa menzilleri we awiakompaniýalary bilen işleşýär. Biz şahsy taraplar ýa-da guramalar üçin işewürlik, lukmançylyk we ýük gatnawlaryny üpjün edýäris.

Cofrance SARL (AVIAV TM) kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Witaliý Arhangelskiý, awiasiýa pudagynda eýýäm 20 ýyldan bäri işläp gelýär. Şol wagtyň içinde onuň kompaniýasy Ýewropadaky, Russiýadaky we dünýäniň ähli künjegindäki howa gämilerini we howa menzillerini dolandyrmakda tejribe toplady. Häzirki wagtda kompaniýanyň baş dolandyryş binasy Nisse şäheriniň merkezinde, meşhur Negresco myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýär.

Kompaniýanyň ätiýaçlandyryş we kredit babatdaky işleri fransuz döwlet guramasy bolan ORIAS (N 14005763) tarapyndan alnyp barylýar. Biznes, ISO 9000 tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr. Kompaniýa öz işlerinde doly hil dolandyrylyşyny üpjün edýän prinsipde (TQM — Total Quality Management – Doly hil dolandyrylyşynda) iş alyp barýar.

Cofrance SARL (AVIAV TM) dünýäniň iň uly awia-bileleşikleriniň agzasydyr:

  • EBAA (European Business Aviation Association – Ýewropa Işewürlik Awiasiýa Assosiasiýasy),
  • NBAA (National Business Aviation Association – Milli Işewürlik Awiasiýa Assosiasiýasy),
  • EBAA Fransiýa

– hyzmat ediş hili we howpsuzlyk standartlary barlandy, hem-de şu öňdebaryjy halkara guramalar tarapyndan baha berildi (sertifikatlaşdyryldy):

  • Wyvern Ltd. (uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy müdirlik),
  • ARGUS International (transmilli auditorçylyk kompaniýasy bolup, köp tapgyrly, dürli ugurly barlaglary alyp barýan gurama),

– 7 ýyldan bäri dürli künjeklerdäki sergilerde öz ornuny ilkinjilerde saklap gelýär,

– öz alyp barýan işlerinde halkara talaplary doly kanagatlandyrýar,

– Döwrebap KYC proseduralaryny ulanyp, AML syýasatyny ýerine ýetirýär.

Biziň uly gepleşiklerimiz Londonyň, Parižiň, Tokýonyň, Waşingtonyň öňdebaryjy ýuridiki kompaniýalarynyň üsti bilen alnyp barylýar. Sargyt edijileriň serişdeleri Fransiýadaky CIC bankda ýörite müşderi hasaplarynda saklanýar. Olaryň buhgalteriýa işleri Fransiýadaky CERES kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar. Cofrance SARL (AVIAV TM) kompaniýasynyň professional jogapkärçiligi 20 million dollara ätiýaçlandyrylandyr.

Kompaniýa islendik şertleşikde çylşyrymly awiasion çarter üpjünçiligine mümkinçilik döredýär. Döwrebap gorag ulgamyny ulanýan täzeçil elektron hyzmatlar uzak aralykdan müşderilere hyzmat etmäge mümkinçilik döredýär. Müşderilere gije-gündiz konsalting (maslahat) we goldaw bermäge taýýar bolan iň ökde hünärmenleri ýetişdirdik.

Cofrance SARL (AVIAV TM) – siziň awiasiýa işleriňizdäki ynamdar hyzmatdaşyňyz.