Reset Password

click to enable zoom
Loading Maps
We didn't find any results
open map
Make a Reservation
Advanced Search
Your search results
08.01.2019

Norwegiýada dikuçary dessin sargyt etmek

Norwegiýada dikuçary kireýine almak peýdaly we lezzetli işleri bilelikde ýerine ýetirmäge ýardam edýär: barmaly ýeriňize çalt barmak we ýokary beýiklikden ajaýyp görnüşi synlamak. Bu ýurtda howada gezelençleri ýöne ýerden gurnalmaýar.

Dünýäniň ähli ýurtlaryndan syýahatçylar bu ýere daglary, buzlyklary, çuň kenarýaka fiordalary, Glomma, Klarelwen, Drammenselwa derýalaryny, kölleri, milli parklaryny we şäheriň gaýtalanmajak arhitekturasyny synlamak üçingelýärler. Bularyň ählisini bir günde synlamak üçin

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna şahsy howa gämisini sargyt edip bilersiňiz we size aýratyn şahsy gezelen meýilanamasyny taýýarlaýarlar.

Biz size Oslo, Bergen, Tronheým, Stawanger, Kristiansann ýaly uly şäherlerine, ýa – da kiçi şäherçelere, şeýle – de hem dag- lyža şypahanalaryna we başga – da islendik nokadyna dikuçar bilen üpjün edýäris, diňe howa gämisine gonmak üçin oňaýly meýdançanyň bolmagy ýeterlik bolýar.

Dikuçary internet arkaly bron etmek ulgamy

Gerekli ugruňyz boýunça operatiw ýagdaýda dikuçary sargyt etmek üçin, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň web sahypasynda bron etmegiň ýörite görnüşini dolduryň. Gatnawy tassyklamak üçin gerekli bolan maglumatlar, şular:

  1. uçuş nokady we maksady,
  2. gatnawyň güni we wagty,
  3. ýolagçylaryň sany,
  4. ýanyňyz bilen çagalaryň barlygy ýa-da ýoklugyny,
  5. ýanyňyz bilen öý haýwanlarynyň alyp-almaýanlygyňyzy,
  6. el goşuň takmynan agramy,
  7. uly göwrümli we adaty däl ýüküň barlygy
  8. isleg bildiren dikuçaryň kysymyny.

Bu maglumatlar bilen tanyşyp AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri, eger siz dikuçary saýlamakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, özi size laýyk gelýän kysymyny hödürleýär. Mundan soňra size gatnawyň bahasyny habar edýärler we dikuçara çenli awtoulagda eltmek ýaly goşmaça hyzmatlardan peýdalanmagy hem hödürleýärler. Şertlerimiz size makul bolan ýagdaýynda siz,  ýola düşmek üçin taýýarlygyňyzy edibermeli, gatnawyň guramaçylyk işleriniň ählisini kompaniýamyz öz üstüne alýar.

Şeýlelik-de Norwegiýada dikuçary kireýine almak – müşderi üçin hiç hili býurokratiýa kynçylygyny ýetirmeýän hyzmat bolup durýar. Siz diňe uçjak ugruňyzy we wagtyňyzy aýtsaňyz beýleki ähli işleri AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň işgärlei ýerine ýetirýärler. Dikuçar taksileri sizi az wagtyň içinde gerekli ýeriňize elterler. Wagtyňyzy tygşytlaň we uçuşyň gaýtalanmajak azatlygyndan lezzet alyň.

Category: Услуги

Leave a Reply

Your email address will not be published.