Reset Password

click to enable zoom
Loading Maps
We didn't find any results
open map
Make a Reservation
Advanced Search
Your search results
08.01.2019

Nissada dikuçary bron etmegiň düzgünleri

Nissada dikuçary kireýine almak hyzmaty bilen – adaty bolmadyk, netijeli çözgütlerine isleg bildirýän şahslar peýdalanýarlar. Howa gämisi uzak aralygy çalt geçmäge, gerekli bolan ýükleri daşamaga, guşuň uçuş beýikliginden gözelligi synlamaga ýardam edýär.

AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasy beýleki araçy kompaniýalaryň hödürleýän bahasyndan 50% arzan gatnawlary size hödürleýär. Biz şäheriň dikuçar meýdany bilen iş alyp barýarys we müşderimize ýokary amatly şerti bolan görnüşini hödürlemäge çalyşýarys.

 

Nissada islendik oňaýly ýol bilen dikuçar sargap bilersiňiz:

  1. bron etmek görnüşini web sahypamyzda doldurmak bilen,
  2. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri bilen habarlaşmak arkaly,
  3. biziň iş edaramyza şahsy duşuşyk üçin gelip.

Köp müşderilerimiz internet arkaly sargyt etmegi makul bilýärler. Sebäbi munuň üçin eliňizde internet bilen bagly bolan elektron enjamynyň bolmagy ýeterlik bolýar.

 

Web sahypamyzda öz islegiňizi beýan etmek bilen:

  • gerekli bolan ugry,
  • uçuş wagtyny,
  • ýolagçylaryň sanyny,
  • howa gämisiniň kysymyny,
  • ýanyňyz bilen çagalaryň barlygyny (olaryň ýaşyny),
  • ýüküň takmynan agramyny we ululygyny,
  • gatnawa bolan goşmaça islegleriňizi,

görkeziň.

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň jogapkär işgäri siziň islegiňizi öwrenýär we gatnawyň bahasyny hasaplaýar.

Dikuçary kireýine almagyň bahasy nähili ýagdaýlara bagly bolup durýar

 Nissada dikuçary kireýine almak islendik ugurda saýlamak mümkin. Lazur Kenary we Prowans şäherlerine golaý ýa-da uzak bolan aralykaryna, mysal üçin, dagly ýerlerinde ýerleşýän saglygy dikeldiş şypahanalaryna hem gitmek üçin mümkinçilik bar. Meribel, Wal – Torans we Kurşewel ýaly ýerlerine syýahatçylar köp isleg bildirýärler. Nissadan bu ugurlarda syýahat etmegiň nyrhy aşakda görkezilen:

 

bir motorly dikuçarlary:

N 125 – 5 orun – 5650 ýewro,

N 125 – 6 orun – 6100 ýewro,

N 130 – 6 orun – 6700 ýewro.

 

iki motorly:

AS 355 – 5 orun – 10300 ýewro,

AW 109 SP – 4 orun –13300 ýewro,

Bell 429 – 6 orun –18700 ýewro,

H 155  – 6–8 orun– 24700 ýewro.

 

Gatnawyň bahasy howa gämisiniň kysymyna bagly bolup durýar. Bu ugurda tygşytly görnüşi her bir ýolagçy üçin 1015 ýewro ybarat bolýar. Gatnaw, ähli şertleri, oňaýlyklardan bolsa ergonomiki kürsi we ses izolýasiýasy bolan,  N – 125 kysymly dikuçarda amala aşyrylýar.

Kaşaň görnüşi üçin her bir syýahatçy 4015 ýewro tölemeli bolýar. Bahasanawy boýunça has gymmat görnüşi N – 155 bolup durýar. Onuň içinde owadan, deri bilen örtülen mebel, minibar, şahsy kondisioner we ýagtylandyryş, multimediýa ulgamy, internet hyzmaty we gaýtalanmajak interýeri bar.

Isleýän görnüşiňizi saýlap we web sahypamyzda bron edip bilersiňiz. Sizi başga – da görnüşleri gyzyklandyrýan bolsa, ony hem öz islegiňizde beýan ediň, we AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy size makul boljak görnüşi bilen üpjün edýär. Dikuçarlary kireýine alyň we Fransiýada syýahat edip lezzet alyň!

Category: Услуги

Leave a Reply

Your email address will not be published.